tegmilt

  1. Hapa zadyň degmeginden galýan yz, gara menek.

  2. Ýüze düşýän menek.

    • Demrew çykyp ugran ýaňaklarynda gögümtil tegmiltler peýda boldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tegmilt - tegmildi.