tegelenmek işlik

  1. Tegelek bolmak, aýlaw bolmak, halka bolmak.

    • Ol tegelenip duran adamlary itekleşdirip, kimdir birini gözleýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Boý almak, doluşmak, dolmak.

    • Misli gapak ýaly tegelenen Aý, Ýapynyp egnine altyndan serpaý, Asmandan guwançly ýere garaýar. (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi)

  3. Göçme manyda Semremek, doluşmak.

    • Onuň ýüzi birneme tegelenipdir.