tegelek sypat

  1. Halka görnüşli aýlaw.

    • Ynha, içi suwdan doly tegelek howuzjyk. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Tegelekleriň her birinde oýna gatnaşyjylaryň biri durýar. («Pioner» žurnaly)

  2. Matematika Tekizligiň töwerek bilen gurşalyp alnan bölegi.

  3. Göçme manyda Tutuş, bitin.

    • Ine, indi tegelek bir hepdedir, hat-da ýok telegramma-da! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tegelek - tegelegi.


Duş gelýän formalary
  • tegelege
  • tegelegi
  • tegeleginde
  • tegeleginden
  • tegelegini
  • tegeleginiň
  • tegelegiň
  • tegelegiňden
  • tegelegräk
  • tegelekde
  • tegelekden
  • tegelekdi
  • tegelekdäki
  • tegelekler
  • tegelekleri
  • tegeleklerini
  • tegelekleriň
  • tegelekli
  • tegelekligi
  • tegelekligine