tegek

Daşyna sapak saralan tigir, sapak tigri.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem tegek - tegegi.

bogaza tegek bolmak

seret bogaz 1

  • Iň soňky ýuwdan çörek bölegi bogazyna tegek boldy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Menden iýen bal kimin naharlaryň bokurdagyňa tegek bolsun! («Sowet edebiýaty» žurnaly)