teşnelik teş‧ne‧lik

  1. Suw içesi gelmeklik, suwsuzlyk.

    • Adam teşneligi, agyryny ýatdan çykardy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Tomsuna hem gyşyna, ýazyna hem güýzüne goýun sürüleri bu ýere gelip, özleriniň teşneligini gandyrar eken. («Ýaş Kommunist» gazeti)

  2. Göçme manyda Höweslilik, isleglilik, meýillilik.

    • Kitaphanadaky bar kitaplary Ibn-Sina teşnelik bilen okaýar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem teşnelik - teşneligi.


Duş gelýän formalary
  • teşnelige
  • teşneligi
  • teşneligini
  • teşneligiň
  • teşneligiňi
  • teşnelikden
  • teşnelikdir