tazy ta‧zy

[ta:zy]

Uzyn inçe tumşukly, inçe uzyn aýakly aw iti.

  • Mergeniň tazylaryhem ala toza turzup, «häli aldym-da -- şindi aldym» edip barýarlar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Her ýurduň tilkisini öz tazysy bilen awlarlar. (nakyl)

ýan tazy

Biriniň ýany bilen ýöreýän mekir, hilegär, biriniň ýanyndan aýrylmaýan ýüregedüşgünç adam.

  • Ýöne onuň gapdalynda bir ýan tazysy bar, bar belanyň körügi şol, Ýelli! -- diýip, ara söz goşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • taza
  • tazam
  • tazydan
  • tazylar
  • tazylary
  • tazylaryndan
  • tazylaryny
  • tazylaryň
  • tazyly
  • tazym
  • tazyny
  • tazynyň
  • tazysy
  • tazysyna
  • tazysyny
  • tazysyny-da
  • tazyň