Ýüň, çöpür, zygyr süýümlerinden işilip taýýarlanylýan ýüp, bag.
Geçiniň çöpürinden işilen tanap. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Özün öwen ýigdiň tanapy çüýrük. (Magtymguly)
Könelişen söz Gektaryň bäşden bir bölegine deň bolan ýer ölçegi, ini-boýy 60 arçyna deň bolan ýer uçastogy.
Ynha, iki ýarym gektara golaýrak haýatyň içi, onuň her ýerräginde erik agaçlary, bir-iki tanap ýerinde alma, armyt we şuňa meňzeş miweli agaçlar bardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ata-babada miras paýlaşygynda ýeten iki tanap ýer, aýlanyp nobata gelýän ýarym sagat suwy Orsgeldiniň bar mülküdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)