Kimdigini ýa-da nämedigini äşgär etmek, bilmek, anyklamak.
Hoşgeldi onuň Bahardygyny sesinden tanady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Sary onuň bilen gadyrly görüşse-de, ilkibada ony tanamady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bu bolsa keselleri tanamagy ýeňilleşdiripdir. (Gadymy dünýä taryhy)