tamşanmak tam‧şan‧mak işlik

  1. Tamakin bolup, agzyňy suwartmak, ýuwdunmak.

    • Dünýäde hiý suwdan şirin zat barmyka?! -- diýip tamşandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir azajyk iýmek, garbanmak.

    • Her halda ol ejesiniň göwni üçin biraz tamşandy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Meniň şol öýe baryp tamşanmagym düýe etini iýene meňzemezmi?! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • tamşanan
  • tamşanandan
  • tamşananlar
  • tamşanara
  • tamşanaýsa
  • tamşandy
  • tamşandy-da
  • tamşandylar
  • tamşandym
  • tamşandyr
  • tamşanjak
  • tamşanjakdyklaryny
  • tamşanjaklaryny
  • tamşanmaga
  • tamşanmagym
  • tamşanmak
  • tamşanyp
  • tamşanýan
  • tamşanýar
  • tamşanýardy