Ýerine ýetirilmegi hökman bolan şert.
Söweşde talaby berjaý edeýin. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Isleg, arzuw, zerurlyk.
Ol biziň talabymyzy ödäp bilmeýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
«Ýok bolsun uruş! » diýen şygar rewolýusion halkyn ilkinji talaplaryndan biridir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Zähmet hut zähmetkeşler köpçüliginiň talaplary-ny maksimal kanagatlandyrmagyň serişdesi bolup durýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Iş, zähmet, gazanç.
Ol talap gözläp, nireleredir aýlap-ýyllap çykar giderdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem talap - talaby.
Erjellik, tutanýerlilik bilen soramak.