talaban ta‧la‧ban

[talaba:n]

Hakyna tutma işçi, batrak.

  • Ol ýedi-sekiz ýaşlarynda ata-enesinden mahrum bolup, bir döwüm çörek üçin baýlaryň gapysynda talaban durýar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  • Sen olaryň elinde talaban bolan wagtynda, gije-gündiz ýaranjak bolup işläniňde de nähili gün görýärdiň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • talabandan
  • talabandy
  • talabandylar
  • talabanlar
  • talabanlaryny
  • talabanlaryň
  • talabanlaryňam
  • talabanlykda
  • talabansyz
  • talabany
  • talabanyna
  • talabanyny
  • talabanyň