tagta tag‧ta 1

Pürsden her hili galyňlykda kesilen gurluşyk materialy.

  • Giň meýdanda tagtalar, pürsler sement çelekler we başga gurluşyk materiallary düşürilýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ine agaç, tagtanyň gerek ýeri. («Kolhoz günleri»)

tagta tag‧ta 2

Haýsy-da bolsa bir materialyň ýukajyk tekiz bölegi.

  • Bukjanyň içinden üç tagta kagyz çykdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

tagta tag‧ta 3

Ýüzüne hek bilen hat ýazylýan okuw esbaby.

  • Okuwçylar birden tagta, birden hem depderlerine seredişdiler. («Mydam taýýar» gazeti)

  • «W» harpyny mugallymyň aýdyşy ýaly edip, tagta düşnükli ýazdym.

hormat tagtasy

Işde üstünlik gazanan adamlaryň ady ýa-da suraty görkezilýän tagta.

  • Ýygymçylaryň atlary kolhozyň hormat tagtasyny bezeýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)


Duş gelýän formalary
  • tagta-da
  • tagtada
  • tagtadaky
  • tagtadan
  • tagtadyr
  • tagtalar
  • tagtalardan
  • tagtalary
  • tagtalaryny
  • tagtalarynyň
  • tagtalaryň
  • tagtaly
  • tagtamy
  • tagtany
  • tagtanyň
  • tagtasy
  • tagtasydyr
  • tagtasyna
  • tagtasynda
  • tagtasyndaky
  • tagtasyndan
  • tagtasyny
  • tagtasynyň
  • tagtaň