tagam ta‧gam at

  1. Nahara, iýmite mahsus bolan aýratynlyklary duýýan agyz ýa-da dil duýgusy.

    • Men çaýyň tagamyny birinji gezek datdym. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Her naharyň bir tagamy bolşy ýaly, mal üçin her otuň-da bir ýokumy bardyr. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Şu gapyrgalaryň tagamy ýamanja däl. («Kolhoz günleri»)

  2. Nahar, iýmit.

    • Ballym, taýyn tagamy taşlap gitseň, nähili bolar?! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Bişiren tagamlaryna-da gant atylan ýaly, iýip doýup bolmazdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  3. Göçme manyda Bir zada bolan duýgy, bir zatdan alynýan lezzet, eşret.

    • Dünýäniň datly tagamyny ýaňy dadyp başlan Begenje söz bererismi?! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • tagam-da
  • tagama
  • tagamam
  • tagamdan
  • tagamdyr
  • tagamlar
  • tagamlara
  • tagamlardyr
  • tagamlary
  • tagamlary-da
  • tagamlaryna
  • tagamlaryndaky
  • tagamlaryndan
  • tagamlaryny
  • tagamlarynyň
  • tagamlaryň
  • tagamlaryňyz
  • tagamly
  • tagamlydy
  • tagamlydyr
  • tagamlyk
  • tagamlylygy
  • tagamlylyk
  • tagamlymy
  • tagamlysam
  • tagamsyz
  • tagamsyzlyk
  • tagamy
  • tagamydyr
  • tagamymdan
  • tagamymy
  • tagamyn
  • tagamyna
  • tagamyndan
  • tagamyny
  • tagamynyň
  • tagamynyňam
  • tagamyň
  • tagamyňam
  • tagamyňda
  • tagamyňdan