[ta:byt]
Içine meýit salyp götermek üçin agaçdan ýa-da boýradan ýasalan enjam.
Ölemde kim «eje» diýip, meniň tabydymy göterer. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Serwiden tabyt kylyp, gülden kepen etmek gerek. (Myraly)
Halnazary merdiwan şekilinde ýasalan tabydyň üstünde ýatyryp, jynaza namazy üçin arassalanan ýere alyp bardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tabyt - tabydy.