tabyn

[ta:by:n]

  1. Birine ýa-da bir zada garaşly bolan.

    • Sen maňa maslahat ber, men seniň maslahatyňa tabyn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Menem saňa tabyn boldum. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Töwerek-daş maňa tabyn. («Mydam taýýar» gazeti)

    • Iş gününde özüne tabyn adamlara hiç zat aýtmaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Zor bilen boýun egdirilen, boýun bolan.

    • Atabaýyň öz öýlerinde birinji gezek Akmaýany özüne tabyn etmek islegi ýol almady. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)


Duş gelýän formalary
  • tabyna
  • tabynda
  • tabyndaky
  • tabyndakylar
  • tabyndan
  • tabyndy
  • tabyndygy
  • tabyndygyna
  • tabyndygyny
  • tabyndyklary
  • tabyndyklaryny
  • tabyndylar
  • tabyndyr
  • tabyndyrlar
  • tabynlar
  • tabynlyga
  • tabynlygy
  • tabynlygydyr
  • tabynlygyna
  • tabynlygynda
  • tabynlygyndady
  • tabynlygyndadyr
  • tabynlygyndan
  • tabynlygyny
  • tabynlygynyň
  • tabynlygyň
  • tabynlyk
  • tabynlykda
  • tabynlykdadyr
  • tabynlykdan
  • tabynlykdyr
  • tabynlylygyň
  • tabynlylyk
  • tabynlylykda
  • tabyny
  • tabyny-da
  • tabynyň