Zyňyp, oklap goýbertmek, zyňdyrmak, oklatmak.
Oňa köpçülik bolup çilimi taşlatmak gerek.
Ulanmagy bes etdirmek, goýdurmak.
Zarpçy ýygymçylar ýaltalary öz erkine goýman, ýaltaçylygyny taşladyp, işe gyzykdyrýarlar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem taşlatmak - taşladýar, taşladar, taşladypdyr.