Jaýtaryp ýokary galyp durmak, dim-dik bolup durmak, somalyp durmak.
Matros eşiklije oglan we örülen saçjagazy taýzaryp, syçanyň guýrujagyny ýadyňa salýan gyzjagaz dur. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Biziň göwnümize bolsa, onuň gamgyn gözlerinde ýene-de şatlyk uçguny görnüp, salparan murtlary ýene-de taýzaran ýaly boldy. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)
Göçme manyda Sakgal-murtdan aýrylyp, taýpy ýaly ýylmanyp görünmek.