[ta:ýgançak]
Typançak, sürçek, taýdyrýan.
Onuň gaçan öň aýaklary taýgançak, goýy palçygyň içinde çaýşarýardy. (M. Şolohow, Göterilen tarp)
Gorkma, biziň gapymyz taýgançak däldir. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Bal tutan barmagyny ýalaýan bolsa, taýgançak depä dyrmaşmak isleýän taýýandyr. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem taýgançak - taýgançagy.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.