Goranmak üçin ulanylýan düwünsiz ýylmanak şaha bölegi.
Düwünçekli ýaglygyna taýagy ötürip egnine atdy-da, Gyzyl Goşun gullugyna kabul edilýän punkta ugrady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
seret hasa
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem taýak - taýagy.
Öz haýryňa, öz peýdaňa.
Mende günä ýok Ballym, taýagyň egrisi özüňe baka bolany üçin, saňa diňe sarsgyny baryp degýändir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)