[taýýa:rlanmak]
Bir zat ýa-da biri öňünden taýýar edilmek, taýynlanmak, häzirlenmek.
Ýolda gerek bolaýjak zatlar öňünden taýýarlandy.
Taýýarlyk görmek, taýynlyk görmek, taýynlanmak.
Hoşgeldi hem dykgat bilen diňlemäge taýýarlandy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Men onuň gürrüňine hä bermän, dersime taýýarlanmaga başladym. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Bilim berlip, taýynlanylyp ýetişdirilmek.