[taýýa:rlamak]
Bir zady ýa-da birini taýýar edip goýmak, taýynlamak, häzirlemek.
Iş meýdanynda kitaby sesli okap bermek üçin näçe adam taýýarladyňyz? (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Bilim berip terbiýeläp ýetişdirmek, ösdürmek.
Aýal-gyzlardan mugallym kadrlaryny köp taýýarlamak möhüm işdir. («Sowet Türkmenistany» gazeti)