taý taý 1 at

Baýtalyň ýaşajyk gunany (bir ýaşa çenli).

  • Aýly kolhozyň tohum taýlarynyň birini şeflige alypdy. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Hatda taýlaryň-da göwüsleri, butlarynyň iç ýüzleri çykan-çykan ýumralyp görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

taý taý 2 sypat

[ta:ý]

  1. Bir zada deň, laýyk gelýän, barabar.

    • Hiý, gezip ýören ýerleriňde şuňa taý geljek kitaba duş gelen ýeriň barmydy?! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Keljäniň degişme şowhuny hemmesine taý diýen ýalydy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Men şolaryň ikisine-de taý gelerin. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Birine ýa-da bir zada mynasyp bolan, deň-duş bolan.

    • Agaýunus saňa taýdyr, ajyýyp menzili bardyr. («Görogly» eposy)

    • Ogly onuň, balam, hut seniň taýyň. (A. Kekilow, Söýgi)

    • Bu ilde ýokmuka, gyzym, saňa taý, göz dikýäniň bolsa, utanma, aýdaý! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Jübüt zadyň biri.

    • Onuň garaja öýüniň iki taý gabsasy açykdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Men hem gyrkylygyň beýleki taýyny uzyn taýagyn ujuna daňyp berkitdim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  4. Tarap, gapdal, ugur.

    • Howlynyň käçeden taýy öýüň tärimi ýaly gözenek-gözenek bolup görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol kümüş gynly gylyjynyň baljak taýyny özüne bakan öwürdi-de, gobsundy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  5. Urulýan ýüküň bir gapdaly.

    • Bir taý odun.

    • Bir taý çuwal bugdaý.


Duş gelýän formalary
  • taý-da
  • taýa
  • taýam
  • taýda
  • taýdaky
  • taýdakylar
  • taýdakylarda
  • taýdan
  • taýdanam
  • taýdanmy
  • taýdy
  • taýdygyny
  • taýdym
  • taýdyr
  • taýdyň
  • taýlar
  • taýlara
  • taýlarda
  • taýlary
  • taýlarydyr
  • taýlaryny
  • taýlarynyň
  • taýlaryň
  • taýlaýyn
  • taýly
  • taýlydyr
  • taýlygy
  • taýlykdan
  • taýsyz
  • taýsyzdyr
  • taýsyzlygy
  • taýsyzlygyny
  • taýy
  • taýydyr
  • taýym
  • taýyma
  • taýymy
  • taýymyz
  • taýymyzy
  • taýyn
  • taýyna
  • taýynam
  • taýynda
  • taýyndan
  • taýyndanam
  • taýyny
  • taýynyň
  • taýyň
  • taýyňa
  • taýyňy