tüňňi tüň‧ňi sypat

Egrelip, güberip duran, egrelip, galyp duran, öňe çykyp duran.

  • Maňlaýy tüňňi, gözleri çukur, burny eşek geriş, sesi boguk biri ýerinden galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Orazgeldi tüňňi burnunyň gerşinde hasyl bolan çyglary süpürdi. («Kolhoz günleri»)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem tüňňi - tüňňüde, tüňňüler, tüňňüsi.


Duş gelýän formalary
  • tüňňüden
  • tüňňüleri
  • tüňňüligine
  • tüňňülik
  • tüňňüliniň
  • tüňňüliň
  • tüňňüräk
  • tüňňüräkdi