Tüňňi etmek, tüňňi ýüzüni ýokary edip güberdip goýmak.
Egri agaçlary tüňňerdip jaýyň üstünde goýdular.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tüňňertmek - tüňňerdýär, tüňňerder, tüňňerdipdir.
seret ýeňse
Ol ýeňsesini tüňňerdip, mekdebine gitdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Sen bolsaň ýeňsäňi tüňňerdip ugrarsyň. («Mydam Taýýar» gazeti)