Köp we ösgün tüýli.
Tirsegine çenli çermelen eliniň goşarlary, tüýlek barmaklarynyň bogunlary ýygyrt atyp haparypdyr. («Pioner» žurnaly)
Seniň şol wagtlar bir kürräň bardy. Reňki bozdy hem tüýlekdi bedeni. (R. Seýidow, Eserler)
Has beter hem babaň tüýlek ýüzleri, Ýylgyrýar ilden öň Aý gören ýaly. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem tüýlek - tüýlegi.