Adamlaryň we käbir haýwanyň bedenine çykýan gyl.
Onuň tüýi ösgün gara telpegi elmydama başyndady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Saç.
Kel aga, başyňa tüý çykarmyka?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňky ýylyň içinde onuň kellesinde gara tüý azaldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem tüý - tüýüm, tüýüň.
Birinden çekinmezlik, gorkmazlyk.
Onuň tüýi eýmenmän, mertlik bilen beren jogabyna geň galyp tisgindi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)