töwerek

  1. Matematikada: her bir nokady merkezden deň daşlykda bolan birleşen egri çyzyk, tegelek.

    • Töwerek boýunça deňölçegli hereket. («Fizika» kursy)

  2. Biriniň ýa-da bir zadyň daşyny gurşap alan giňişlik, ýakyndaky ýerler, daş-töwerek.

    • Gurt bir wagt gözüni açyp görse, töwereginde oturan öz ýoldaşlaryna gözi düşdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Töweregiňe heý gözüňi aýlaýarmyň obada heý senden başga işlemeýän barmy?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Biz mekdebimiziň töweregine her hili miweli agaçlar ekdik.

  3. Çen bilen, takmynan.

    • Bu oturanlaryň ikinjisiniň kyrkyň töweregi ýaşy bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Men ony sagat bäşiň töwereginde mekdepde gördüm.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem töwerek - töweregi.


Duş gelýän formalary
  • töwerege
  • töweregem
  • töweregi
  • töweregi-de
  • töweregidi
  • töweregidir
  • töweregim
  • töweregimde
  • töweregimdedi
  • töweregimden
  • töweregimdäki
  • töweregime
  • töweregimem
  • töweregimi
  • töweregimiz
  • töweregimizde
  • töweregimizden
  • töweregimizdäki
  • töweregimizdäkiler
  • töweregimize
  • töweregimizi
  • töweregimiň
  • töweregin
  • töwereginde
  • töweregindedi
  • töweregindedir
  • töwereginden
  • töweregindäki
  • töweregindäkiler
  • töweregine
  • töwereginem
  • töweregini
  • töwereginiň
  • töwereginiňem
  • töweregiň
  • töweregiňde
  • töweregiňdedir
  • töweregiňden
  • töweregiňdäki
  • töweregiňdäkiler
  • töweregiňe
  • töweregiňem
  • töweregiňi
  • töweregiňizde
  • töweregiňizdäki
  • töweregiňizi
  • töwerekde
  • töwerekdedi
  • töwerekdedir
  • töwerekden
  • töwerekdenem
  • töwerekdir
  • töwerekdäki
  • töwerekdäkiler
  • töwerekdäkilerde
  • töwerekdäkilerden
  • töwerekdäkilere
  • töwerekdäkileri
  • töwerekdäkileriň
  • töwerekler
  • töwereklerde
  • töwereklerdedi
  • töwereklerdedir
  • töwereklerden
  • töwereklerdi
  • töwereklerdäki
  • töwereklere
  • töwerekleri
  • töwerekleridi
  • töwerekleridir
  • töwereklerimiz
  • töwereklerimizde
  • töwereklerimize
  • töwereklerinde
  • töwereklerindedir
  • töwereklerinden
  • töwereklerindäki
  • töwereklerine
  • töwereklerini
  • töwerekleriniň
  • töwerekleriniňem
  • töwerekleriň
  • töwerekleriňizde
  • töwerekleriňizdenmiş
  • töwerekleýin
  • töwerekli