töhmet at

Birine ýöňkelýän myjabat, günä, garalyk.

  • Be, ine saňa bir töhmet, men näwagt açary alypdyryn. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Şu bolýan gürrüňler, hakykatdan hem, töhmet haw! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

töhmet ýüklemek

Nähak ýerden garalyk ýapmak, töhmet atmak, töhmet ýapmak.


Duş gelýän formalary
  • töhmetden
  • töhmetdenem
  • töhmete
  • töhmetem
  • töhmeti
  • töhmetinden
  • töhmetine
  • töhmetini
  • töhmetiň
  • töhmetler
  • töhmetlere
  • töhmetleri
  • töhmetlerini
  • töhmetleriň
  • töhmetli
  • töhmetmi