Könäniň ýerine täze oýlap tapylyş, täze harytlar, täze düzgün, täze usul we ş. m.
Tehnikanyň gazanan täzelikleri kolhozçylara öwredilýärdi. («Kolhoz günleri»)
Sowet halky köp täzelik döredýär. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Ýaňy-ýakynda alnan habar.
Watanymyzda bolýan ähli täzelikleri bilip durmakda gazet maňa köp kömek edýär. («Mydam taýýar» gazeti)
Ol menden bir täzelik eşitse, soňrak gelip ýene meniň özüme gürrüň berýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Üýtgeşiklik, özgeriş.
Şäherde näme täzelikler bolsa, saňa her gün habar bereris. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem täzeletmek - täzeledýär, täzeleder, täzeledipdir.