Heniz geýilmedik, ulanylmadyk, el degmedik.
Ilkinji gezek ýüze çykan, peýda bolan, dörän.
Çagalara täze aýdymlar öwredilýär. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Täze küýzäň suwy sowuk. (nakyl)
Ýaňy-ýakynda bolan, häzirki wagta degişli bolan.
Güýzüň salkyn hawasynda täze açylan güller aýratyn owadanlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. («Bahar»)
Doly suratda tanyş bolmadyk, ýaňy gelen.
Ol şindi täze işgär.