täsirli sypat

[täsi:rli]

  1. Täsiri ýetýän, sözi geçýän, abraýly.

    • Atasy köpçülikde täsirli adamdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Täsir ediji, gyzykly.

    • Edilen gürüň has hem täsirli bolany üçin, Pýotr hem onuň gürrüňine gyzykdy we bar pikirini berdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Haýbatly, azmly.

    • Eliňi galdyr! -- diýip, ol ýuwaşja, emma täsirli aýtdy. («Mydam taýýar» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • täsirlidi
  • täsirlidigi
  • täsirlidigini
  • täsirlidir
  • täsirlije
  • täsirliler
  • täsirlileri
  • täsirlileriniň
  • täsirlileriň
  • täsirlilige
  • täsirliligi
  • täsirliligidir
  • täsirliliginde
  • täsirliliginden
  • täsirliligine
  • täsirliligini
  • täsirliliginiň
  • täsirliligiň
  • täsirlilik
  • täsirlisi
  • täsirlisinden
  • täsirlisini