täsin

[täsi:n]

Örän geň, enaýy.

  • Pessaýlap öwüsýän ýaz şemalynyň ugruna ülpüldeşýän bu dürli maýsalaryň ýapraklaryndaky ululy-kiçili çygjagazlar, merjen-monjuklar we hünjüler ýaly bulduraşyp, maýsalarda täsin bir görnüş döreýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Men örän täsin bir hadysanyň üstünden bardym. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

täsin galmak

Bir zady görüp haýran galmak.

  • Bularyň şol günki özara ýaryşlary beýleki ýoldaşlaryny hem täsin galdyrdy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • täsinden
  • täsindi
  • täsindigini
  • täsindir
  • täsinem
  • täsiniň
  • täsinje
  • täsinlidir
  • täsinlige
  • täsinligi
  • täsinligindedir
  • täsinliginden
  • täsinligine
  • täsinligini
  • täsinliginiň
  • täsinligiň
  • täsinlik
  • täsinlikdi