täret

  1. Dini söz Namaz okamazdan öň ýuwnup-arassalanmak.

    • Iň ýagşysy, täret ýerine teýim edeýin. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Öýle namazy ýetip gelýäri täret gylmalydyrys. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Ýagyn içege arkaly çykýan nejasat.

    • Süýt emýän çaga sag mahalynda gije-gündizde 1-2 gezek täret edýär. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • täretde
  • täretden
  • tärete
  • täretem
  • täreti
  • täretim
  • täretinde
  • täretinden
  • täretini
  • täretiniň
  • täretiň
  • täretiňi
  • täretiňiz
  • täretleriniň
  • täretli
  • täretsiz