syzylmak işlik

  1. Kem-kemden geçip akmak, süzüp çykmak (suwuklyk hakda).

    • Bu ýerde ganyň suwuk bölegi kapillýarlardan kapsulalaryň içine syzylyp geçýär. (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy)

  2. Bir zat duýulmak, aňylmak.

    • Howada diňe azajyk salkynlyk syzylýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ýagmyryň göwnüne öweziň jogabynda bir hili sowuklyk syzylýan ýaly boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • syzylan
  • syzylar
  • syzylardan
  • syzyldy
  • syzylmagy
  • syzylmak
  • syzylmasy
  • syzylmaz
  • syzylyp
  • syzylypdy
  • syzylýan
  • syzylýar
  • syzylýardy