syrylmak sy‧ryl‧mak işlik

[sy:rylmak]

  1. seret süpürilmek

  2. Bir zadyň ýüzüniň örtügi sypyrylyp aýrylmak.

    • Howanyň ýüzündäki goýy gara bulutlar syrylyp, ýagyş hem ýagmagyny goýupdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  3. Päki bilen düýbünden kesilip arassalanmak. (saç, sakgal hakda).

  4. Ýuwaşlyk bilen aşaklygyna inilmek, sypyp düşülmek.

    • Sary hem onuň yzy bilen ýapgytdan pese syrylyp düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Gabyndan ýa-da gynyndan çykarylmak (gylyç, pyçak we ş. m. hakda).


Duş gelýän formalary
  • syrylan
  • syrylanda
  • syrylanlygy
  • syrylansoň
  • syrylar
  • syrylarly
  • syryldy
  • syryldy-da
  • syrylmadyk
  • syrylmak
  • syrylman
  • syrylmaýan
  • syrylsa
  • syrylsaňam
  • syrylsyn
  • syrylyp
  • syrylypdyr
  • syrylýan
  • syrylýar
  • syrylýarlar