[sy:rykmak]
Ýuwaşlyk bilen aşaklygyna akyp gitmek (suwuklyk hakda).
Sona garrynyň bozulandygyny aňyp, onuň ýaňagyndan syrygýan ýaşyny ak polotense bilen süpürdi. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Ýerasty kölden syrygyp gaýdýan münlerçe çeşmeler şol batly suwa gelip goşulýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Göçme manyda Bar gürrüň bir ýere jemlenmek, bir işi amala aşyrmak üçin güýç, üns jemlenmek.
Onuň ähli gürrüňi ýaňy-ýakynda neşir edilen «Bahar» atly ýygynda syrykdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem syrykmak - syrygýar, syrygar, syrygypdyr.