Bir zady ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan, sypjyklyk edýän, sypjyklap ýören aňsat el bermeýän, sapalakçy.
Gyrkylan erkeç ýaly örän sypjykdy, men onuň yzynda gije-gündiz sergezdan gezýärdim. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sypjyk - sypjygy.