Biriniň ýa-da bir zadyň daş görnüşi.
Ol diňe iňrik garalandan soň, ýaragyny şol ýerde gizläp, ýönekeý şäher adamsy sypatynda göni türmä bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men sypatymy üýtgetsem-de, gep gezdirýän, agzalyk salmaga çalyşýan haýynlardan däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Gylyk, häsiýet, boluş.
Tutanýerlilik bolsa onuň aýratyn sypatydy. («Bahar»)
Grammatik termin «Nähili?, nätüýsli?, neneňsi?» diýen soraglara jogap bolup, predmetiň hilini, häsiýetini we degişliligini görkezip, sypatlandyryp gelýän söz topary.