sypaýy sypat

[sypa:ýy]

  1. Edepli, mylaýym, asylly, sada, ýönekeý.

    • Maralyň öň çak edişi ýaly, ol edepli hem sypaýy ýigit eken. (G. Gurbansähedow, Ýürek Daş Däl)

    • Olaryň arasynda sypaýy geýnen adam aýratyn bolup göze ilýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Nepis, näzik.

    • Ussat senetçiler örän sypaýy nah matalary edipdirler. (Orta Asyrlar Taryhy)