Öçügsi gyzyl reňk, al.
Öýleriň arka tarapyndan hem symgylt ullakan goýunçy köpek zynjyryna böküp durýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Jaýlar asmanyň şu symgylt ýagtysynda has hem owadan görünýärdi. («Kolhoz günleri»)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem symgylt - symgyldy.