[sy:kyly]
Gysylýan batly howa arkaly agyzda döredilýän ýiti inçe owaz.
Şagaldan gorkusyna bogazyna sygdygyndan gygyrardy hem sykylygyny höwür edinip aýlanardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sykylyk - sykylygy.