sykmak işlik

  1. seret gysmak

  2. Bir zady gysyp şire ýa-da suwuklyk çykarmak.

    • Egin-eşiklerimizi sykmak gerekdi. (N. Amanow, A. Kowusow, Balykçylar)

  3. Göçme manyda Ezmek, horlamak.

    • Ýurtbasarlar sykdykça, Garyplar kän birleşýär. (Mollamurt, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • sykanda
  • sykanyň
  • sykar
  • sykdy
  • sykdykça
  • sykmaga
  • sykmagy
  • sykmak
  • sykmaly
  • syksaň
  • sykyp
  • sykýan