Bir zadyň ýüzüni çyzmak, teniňi sypjyrtmak, gaty sürtmek.
Gulluhan dodaklaryny sydyrdyp süpürenden soň biraz özüni tutdy-da, başga sypalga tapmany üçin boýun aldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem sydyrtmak - sydyrdýar, sydyrdar, sydyrdypdyr.