Her hili gabyň formasyny alyp bilýän we akmaga ukyby bolan.
Köp suw garylan, goýy däl.
Biziň gözümiz ýody suwuk görnüşde görmäge öwrenişipdir. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Göçme manyda seret suwjuk
Çaşçy çaman suwuk, duzsuz, ýuwnuksyz sözleri tirkeşdirip, şol gyzyň adyna goşgy bilen, söz bilen hat ýazmagyny dowam etdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem suwuk - suwugy.