suwsamak suw‧sa‧mak işlik

  1. Suw içesiň gelmek, suwsuzlyk duýmak, teşne bolmak.

    • Her gün irden iki çäýnek içip işe gaýdýaryn welin, tä giç öýläne çenli suwsamok. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ajyksaň-çopan ýanyna, suwsasaň-daýhan ýanyna bar. (nakyl)

  2. Suw talap etmek, suw tutulmagyny islemek (ekin barasynda).

    • Gowaçanyň gektar möçberi biraz suwsapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • suwsady
  • suwsadym
  • suwsama
  • suwsamadyk
  • suwsamagy
  • suwsamak
  • suwsamaklyk
  • suwsamaz
  • suwsamaýan
  • suwsamok
  • suwsan
  • suwsana
  • suwsanda
  • suwsandy
  • suwsandygyny
  • suwsandyr
  • suwsanlardan
  • suwsanlarynda
  • suwsanyň
  • suwsap
  • suwsapdy
  • suwsapdylar
  • suwsapdyr
  • suwsapdyryn
  • suwsapsyň
  • suwsar
  • suwsar-da
  • suwsardy
  • suwsarsyň
  • suwsasaň
  • suwsaýanam
  • suwsaýanyny
  • suwsaýanyň
  • suwsaýar
  • suwsaýardy
  • suwsaýardylar
  • suwsaýarlar