Düzüminde suw köp bolan, der.
Munuň düýbünden önýän hasyly örän ter hem suwly bolýar, ýöne onuň suwdan başga tagamy ýok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Suwly alma.
Suwly üzüm.
Suwy bar bolan, içinden suw akýan ýa-da içinde suw ýatan.
Oturymly ýaşaýyş ilki suwly ýerlerden başlanypdyr. («Edebiýat»)
Ol suwly ýabyň günbatar ýüzündäki gyradeň ösen gowaçalyga elini uzatdy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.
Meselem suwly - suwluda, suwlular, suwlusy.