Bir zady çekip, ýenjip süýndürmek, uzaltmak, süýmek.
Işçileriň biri eliň aýasy ýaly galyňlykdaky demri awtomat çekijiň astynda sozýan bolsa beýlekisi onuň taýýarlan poladyny stanogyň agzyna berip durýar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Uzaldyp, süýkdürip geplemek.
Ýogsam hem biziň elimizden çykan zadyň erbedi bolmaz! -- diýip sesini sozdy-da: -- Aňryňdaky suw çelege seret! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem sozmak - sozdum, sozduň, sozupdyr.