sowuk sypat

  1. 0 derejeden aşak temperaturaly howa.

    • Şitilleri sowukdan goramakdan ötri, 600 ramanyň üstüni basyrmak üçin selin örüldi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Gyşyň şatlama sowuklarynda-da elmydam gök öwsüp oturan gür tokaý hem şu mahal bir hili reňk açyp, ýaldyrap, ýaşyl öwüsýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Mylaýym däl howa, ýyly däl howa.

    • Jaýyň içi sowukdy.

  3. Ýylysy gaçan temperaturasy aşaklan, sowan.

    • Durdy sowuk çorbany işdämenlik bilen içýärdi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sowuk - sowugy.

eli sowuk suwa urmazlyk

Hiçbir iş etmezlik, işlemezlik.

küli sowuk

seret kül

sowuk urmak

  1. Sowugyň ýiti täsir zerarly guramak, ösmegini bes etmek, hasylyny ýok etmek.

  2. Sowuk zerarly üşäp dümewlemek, sowuklamak.

sowuk uruş

seret uruş

sowuk ýarag

seret ýarag

üstünden sowuk suw guýlan ýaly bolmak

seret üst

  • Baýram üstünden sowuk suw guýlan ýaly ýerinden syçrap turdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • sowuga
  • sowugam
  • sowugrak
  • sowugy
  • sowugymy
  • sowugyna
  • sowugynda
  • sowugyndan
  • sowugyny
  • sowugynyň
  • sowugyň
  • sowukda
  • sowukdan
  • sowukdy
  • sowukdygyny
  • sowukdyr
  • sowukdyram
  • sowuklar
  • sowuklara
  • sowuklarda
  • sowuklarynda
  • sowuklaryny
  • sowuklaryň
  • sowukly
  • sowuklyga
  • sowuklygy
  • sowuklygyna
  • sowuklygyndan
  • sowuklygyny
  • sowuklygynyň
  • sowuklygyň
  • sowuklyk
  • sowuklykdyr
  • sowuklylygy
  • sowukmyş
  • sowuksyz