sowgat

Birine sylag üçin berilýän zat.

  • Maňa gymmatly sowgatlar alyp getirýär. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  • Baharyň ejesi birneme sowgat iberse-de iberer. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem sowgat - sowgady.


Duş gelýän formalary
  • sowgada
  • sowgadam
  • sowgady
  • sowgadydy
  • sowgadym
  • sowgadymyzdyr
  • sowgadymyň
  • sowgadyna
  • sowgadynda
  • sowgadyndan
  • sowgadyndanam
  • sowgadyny
  • sowgadynyň
  • sowgadyň
  • sowgadyňam
  • sowgadyňyz
  • sowgatda
  • sowgatdan
  • sowgatdy
  • sowgatdyr
  • sowgatlar
  • sowgatlara
  • sowgatlardan
  • sowgatlardandy
  • sowgatlary
  • sowgatlaryny
  • sowgatlarynyň
  • sowgatlaryň
  • sowgatly
  • sowgatlygyň
  • sowgatlyk
  • sowgatsyz
  • sowgatsyzlyk