sowamak so‧wa‧mak işlik

  1. Sowuk düşüp başlamak.

  2. Temperatura peselip başlamak (howa hakynda).

    • Noýabr aýynyň girmegi bilen howa hem birden gaty sowap başlady. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  3. Gyzgyny gaçmak, temperatura aşak düşmek.

    • Aýu, ýörsene çaýyň sowady-la! («Tokmak» žurnaly)

  4. Bir zada bolan höwesi gaçmak, bir zatdan göwni geçmek, yhlasy peselmek.

    • Hi, şeýle-de bir öýden sowamak bolarmy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Gözeliň Çarydan bütinleý sowamagynyň sebäbi-de mundan üç-dört gün öň Çarynyň ejesi gelip, Gözeliň üstüne aýy ýaly topulypdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

gany sowamak

seret gan

  • Maralyň gany sowamandy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • sowadam
  • sowady
  • sowadygyça
  • sowadymam
  • sowadymy
  • sowadyň
  • sowajak
  • sowaly
  • sowalyk
  • sowalyň
  • sowama
  • sowamadyk
  • sowamaga
  • sowamagy
  • sowamagyna
  • sowamagyndan
  • sowamagyny
  • sowamagynyň
  • sowamagyň
  • sowamak
  • sowamakda
  • sowamakdan
  • sowamaklygy
  • sowamaklygyna
  • sowamaklygynyň
  • sowamaklygyň
  • sowamaklyk
  • sowamaly
  • sowaman
  • sowamandy
  • sowamanyň
  • sowamasa
  • sowamasy
  • sowamasyn
  • sowamaz
  • sowamazmy
  • sowamaýar
  • sowamaýardy
  • sowamaýarlar
  • sowamaň
  • sowan
  • sowana
  • sowanda
  • sowandan
  • sowandygyny
  • sowandyr
  • sowanlara
  • sowanlygy
  • sowanok
  • sowansoň
  • sowany
  • sowanyna
  • sowanyndan
  • sowanyny
  • sowanyň
  • sowanyňy
  • sowanyňyzyň
  • sowap
  • sowapdy
  • sowapdyr
  • sowar
  • sowara
  • sowardy
  • sowardym
  • sowarlyk
  • sowarsyň
  • sowaryn
  • sowarys
  • sowasa
  • sowasy
  • sowasyň
  • sowaý
  • sowaýan
  • sowaýandyr
  • sowaýanlarynda
  • sowaýanlygy
  • sowaýança
  • sowaýar
  • sowaýardy
  • sowaýarlar
  • sowaýarsyň
  • sowaýdy
  • sowaýsa